Britaniýaly bagban bir tomusda Ginnesiň dört rekordyny goýdy

  • 21.08.2025 16:08
  • 15k+

Glosterşir graflygyndan britaniýaly bagban Grem Barratt şu tomus birbada dört rekord goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Ol birinji rekordy 2-nji iýunda goýdy: Barratt 18 santimetr uzynlykda nohut kösügini ösdürip ýetişdirdi. Bu onuň adaty ululygyndan iki esse diýen ýalydyr. Täze rekord 1970-nji ýyllarda Jon Innes merkezinde ösdürilen “JI2144” görnüşiniň tohumynyň esasynda goýuldy.
11-nji iýulda bagban dünýäde iň agyr meksikan pomidoryny (tomatilo) ösdürdi. Onuň agramy 140 gram boldy – 2024-nji ýyldaky rekorddan üçden bir köp.
Grem möwsümi 28-nji iýulda hasaba alnan rekordy bilen jemledi. Ol iň uzyn – 1,3 metr we iň agyr – 2,8 kilogram lýuffa miwelerini ösdürip ýetişdirdi. 
Lýuffa kädini we kabaçogy öz içine alýan kädiler maşgalasyna degişlidir. Bu üýtgeşik miwe tropiki sebitlerde lianalarda ösýär we Günorta Aziýada has meşhurdyr. Ýaş miweler iýmek üçin ýaramly, ýöne bişdigiçe olar aşhana tagamlary üçin gaty we has süýümli bolýar. Guradylan, öýjükli we ýumşak miweler gap-gaçlary ýuwmak üçin tebigy gubka hökmünde hem ulanylýar.

“Men her ýyl täze bir zady ösdürmäge çalyşýaryn we futbol menejeri ýaly iň gowy oýunçylaryma bil baglaýaryn. Käbir gök önümler ösdürip ýetişdirmek üçin kyn boldy, şonuň üçin men olary sanawymdan aýyrdym. Käbirleri meni haýran galdyrdy we indi olary ösdürmek isleýärin. Şol bir wagtyň özünde üstünlik maňa öňe gitmäge we beýleki görnüşlere-de ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär” – diýip, rekord eýesi belleýär.

2024-nji ýylda bagban iň agyr seldereý boýunça rekordy saklapdy, ýöne tiz wagtdan bu üstünligi garşydaşyna berdi. Ol täze rekordlary özboluşly rewanş hasaplaýar. 


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....