Türkiýe türkmen raýatlary üçin talyp wizasyny almaga ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi

  • 22.08.2025 19:04
  • 18k+

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp wizasy bilen baglanyşykly ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky Gateway wizalar merkezi mälim etdi. Üýtgetmler 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyndan güýje girýär.

Täze düzgünlere laýyklykda talyp wizasyny almak isleýän türkmen raýatlary indi öňünden ýazylmazdan ýüz tutup bilerler. Esasy şert — okuw mekdebine kabul edilendigini tassyklaýan resminamanyň ýa-da talyp şahadatnamasynyň görkezilmegidir.
Gateway wizalar merkezi bu kararyň Türkmenistandan talyp wizasy üçin ýüz tutýanlaryň sanynyň ep-esli artmagy bilen baglylykda kabul edilendigini belleýär. Täze tertip resminamalaryň resmileşdirilmegini çaltlaşdyrmak we mümkin bolan kynçylyklaryň öňüni almaklyga gönükdirilendir.
Ähli zerur resminamalary bolan Türkmenistanyň raýatlary wizalar merkezine öňünden ýazylmazdan ýüz tutup bilerler. Bu bolsa Türkiýede bilim almagy meýilleşdirýän türkmen talyplary üçin wiza almak tertibini has-da ýeňilleşdirýär.
Has giňişleýin maglumatlary almak üçin ýüz tutujylar helpline.turkmenistan@gateway.com.tr elektron poçta salgysy arkaly ýa-da merkeziň resmi sosial ulgamdaky sahypalary arkaly habarlaşyp bilerler.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....