Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip, Burunen neşiri habar berýär.
"13 adamdan ybarat ekspedisiýa Merkezi Aziýanyň iň uly çölleriniň, şol sanda Mongoliýanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň çölleriniň içinden geçip, 74 günüň dowamynda 17 müň kilometr ýoly külterlär" - diýlip, habarda aýdylýar.
Bu taslama BMG-niň awgust aýynda Ulan-Batorda geçiriljek Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň (COP17) 17-nji sessiýasyna gabatlanýar.
Bu halkara başlangyjy howanyň üýtgemegi, ýerleriň zaýalanmagy we çölleşme meselelerine ünsi çekmegi maksat edinýär. Syýahatyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň çölleriniň häzirki ýagdaýyny, olaryň giňelme derejesini we ýerli jemgyýetleriň çöl zolaklaryny ýaşyl meýdanlara öwürmek, energiýa öndürmek we durnukly ösüş üçin ulanmakdaky tejribelerini öwrenerler.
Ýoluň bir bölegi uzynlygy 1000 kilometre we ini takmynan 500 kilometre ýetýän giň çöl sebitlerinden geçer. Käbir ýerlerde temperatura Selsiý boýunça 70 gradusa ýetip biler.
"Çölleşme adamzadyň öňünde durýan iň möhüm meseleleriň birine öwrüldi. 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal her inedördül metrde 20–24 ösümlik görnüşi ösýän bolsa, häzirki wagtda olaryň sany 4–5-e çenli azaldy" - diýip, ekspedisiýanyň ýolbaşçysy B.Nominçimed belledi.
Onuň sözlerine görä, taslamanyň maksady çölleşme meselesine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek we ylmy barlagyň netijelerini COP17-de görkezmekdir.
"Çölleşmä garşy göreş tebigata ideg etmekden başlanýar. Her bir adamyň aňly-düşünjeli hereketi bu ýerde möhüm rol oýnaýar. Şonuň üçin, tagallalarymyz ujypsyz ýaly görünse-de, özümizden başlamaly we daşky gurşawa ideg etmeli" - diýip, ol sözüni jemledi.