Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

  • 25.01.2026 18:53
  • 7.2k+

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Syýahatçylyk kärhanalarynyň sanynyň artmagy hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar we syýahatçylaryň hem sanynyň artmagyna ýardam edýär. Geçen ýyl Türkmenistana dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan syýahatçylar geldi, ýurduň raýatlary bolsa dünýäniň 40-a golaý ýurduna syýahat etdi.
Syýahatçylygyň ösmegine dürli derejeli myhmanhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, orta we ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem uly täsir edýär. Syýahatçylygyň giň mümkinçilikli infrastrukturasynyň döredilmegi, amatly howa gatnawlarynyň açylmagy, iýmitlendiriş hyzmatlarynyň we dürli tagamlaryň taýýarlanylmagy hem uly ähmiýete eýedir.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2024-2025-nji ýyllarda birnäçe maksatnamalar kabul edildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guralan dürli maslahatlara, Baku şäherinde, Er-Riýadda, Brýusselde we Duşanbede guralan forumlara we çärelere gatnaşdy. Bularyň ählisi ýurduň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iň bir amatly we howpsuz ugurlaryň biri hökmünde giňden tanalmagyna ýardam edýär.
Belläp geçsek, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Aşgabat şäherinde «Türkmentravel — 2026» atly halkara serginiň we maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu syýahatçylyk forumyna halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň, bilim we ylmy edaralaryň wekilleriniň, şeýle-de syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. 


23.06.2026 09:50
4.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......