«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

  • 27.01.2026 22:15
  • 15k+

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar.
Awiakompaniýa Aşgabatdan şu aşakdaky şäherlere göni gatnawlary amala aşyrýar:

  • Aziýa: Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Seul (Koreýa Respublikasy) we Deli (Hindistan);
  • Ýewropa: London (Beýik Britaniýa), Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa), Stambul (Türkiýe) we Kazan (Russiýa);
  • Ýakyn Gündogar: Dubaý (BAE), Abu-Dabi (BAE) we Jidda (Saud Arabystany).

Täze tertibe laýyklykda, her ugur boýunça gatnawlaryň sany ýolagçy islegini göz öňünde tutmak bilen paýlanyldy. Häzirki wagtda Stambul we Kazan şäherlerine uçuşlar iň köp isleg bildirilýän ugurlardyr.
Uçuşlaryň we gonuşlaryň senesi hem-de wagty baradaky soňky maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Mundan ozal, tmcars.info türkmen awiagatnadyjysynyň birnäçe halkara ugurlar boýunça uçuşlarda çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizendigi barada habar beripdi.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......