Sanlylaşdyrma we medeni miras: «Turkmentravel – 2026» sergisi we forumy nähili geçýär

  • 15.04.2026 08:15
  • 1.4k+

Habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäre türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Maslahatyň çäklerinde dürli ýurtlardan, takmynan, 70 sany kompaniýa, şol sanda Türkiýäniň, BAE-niň we Russiýanyň awiakompaniýalary sanly dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky syýahatçylyk ugurlaryny giňeltmek we pudaga  maýa goýumlary çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýar.

Söwda-senagat edarasynda dowam edýän sergi Türkmenistanyň 300-e golaý syýahatçylyk kärhanasynyň mümkinçiliklerini görkezýär.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklere (Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý), şeýle hem Köpetdagyň daglaryndaky we Garagum sährasyndaky ekosyýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan diwarlyklar myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekýär.

Forumyň gatnaşyjylary sebitde ilkinji «akylly şäher» bolan we halkara syýahatçylyk ugurlaryna işjeň goşulýan Arkadag şäheriniň uly meşhurlyga eýedigini nygtaýar.

Hünärmenler Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi hem-de Mary, Türkmenabat şäherleriniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hem goşulmagy ugrunda degişli işleri geçirmek barada pikir alyşdy.

Forumyň maksatnamasy hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalar toplumyna gol çekilmegini we halkara bilermenler tarapyndan okuw maslahatlarynyň geçirilmegini öz içine alýar.


düýn 09:50
3.8k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......