TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi açyldy

  • 08.03.2024 17:33
  • 3.7k+

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe girizildi. Bu merkez işewürligi goldamak üçin toplumlaýyn hyzmatlary hödürlär diýip, Türkmenistan Halkara habar merkezi habar berdi.

Merkez telekeçilere, ýuridiki şahslara we raýatlara hyzmatlaryň giň toplumyny, şol sanda taslamalarda guramaçylyk-hukuk, maliýe-ykdysady we ekologiýa synag goldawlaryny berer.
Merkez şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek, taslamalary durmuşa geçirmek, işewürlik üçin amatly şertleri döretmek boýunça maslahatlary, şeýle hem salgytlar ulgamynda, ykdysady dolandyryşda, gümrük kadalaşdyrylyşynda goldawy hödürlär.
Mundan başga-da, Merkez işewürligi ösdürmek üçin yzygiderli esasda seminarlary guramagy meýilleşdirýär.


03.06.2026 15:06
4.3k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...