Türkmenistanyň we Owganystanyň telekeçileri 7,7 million dollarlyk şertnamalary baglanyşdylar

  • 06.03.2024 09:03
  • 15k+

Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde bir sany Ähtnama we türkmen we owgan hususy kompaniýalaryň arasynda 16 şertnama gol çekildi. Eksport ugurly şertnamalaryň umumy bahasy 7 million 721 müň dollara deň boldy.

Baglaşylan şertnamalaryň ýarysyna golaýy konditer önümlerini öndürýän türkmen firmalary, ýagny “Hasar”, “Owadan Ülke”, “Altyn şöhle, “Täze Aý” hem-de “Asuda ülkäm” ýaly hususy pudagyň wekilleri bar.
Beýleki şertnamalarda bolsa, polipropilen haltalar, motor ýagy, mäş, saryja ýüň, polipropilen sapaklar we beýleki harytlary eksport etmek babatda ylalaşyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli 9 türkmen firmasy eksportçy, 11 owgan firmasy bolsa satyn alyjy hökmünde çykyş eder.


03.06.2026 15:06
4.4k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...