Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

  • 04.04.2024 05:57
  • 12k+

3-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenildi.

Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, dokma toplumlarynyň önümleri bilen tanyşdy. Bu ýerde häzirki zaman dokma toplumlarynyň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri sergide görkezilýän harytlar bilen tanşyp, olaryň hil derejesine möhüm ähmiýet berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, harytlaryň degişli derejede mahabatlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belläp, bu babatda döwrüň ösen tejribesinden ugur alyp, degişli işleri talabalaýyk guramak babatda sergä gatnaşýan ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow sergide görkezilýän dürli görnüşli matalary synlady.
Şeýle hem bu ýerde azyk önümleriniň, agyz suwlarynyň köp görnüşleri görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns berilmelidigini belläp, şunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara tejribe alyşmagyň ähmiýetlidigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini açyp görkezmek, olaryň netijeli işini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp, bu babatda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Şol bir wagtyň özünde söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, önüm ugradylýan bazarlaryň geografiýasynyň giňeldilmegine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......