Geçen hepdäniň birža söwdalarynda 14 sany geleşik hasaba alyndy

  • 04.11.2024 22:47
  • 2.2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 557 müň dollaryndan geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň telekeçilerine nah ýüplük we nah mata, şeýle hem portlandsement ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 390 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisini we nah ýüplügi satyn aldylar.


19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

17.06.2026 09:41
2.9k+

Bloomberg: Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy bir günde rekord $336 mlrd artdy

15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli......

15.06.2026 18:57
1.8k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......