Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň zenan işewürleriniň duşuşygy geçirildi

  • 05.03.2024 15:10
  • 13k+

4-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň geçirilýän owgan harytlarynyň we Türkmen-owgan işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi.

Goňşy ýurduň senagat we söwda ministri Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky söwda-ykdysady wekiliýetiniň düzüminde 15 zenan işewür bar diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Olaryň hatarynda Owganystanyň Söwda-senagat palatasynyň zenan işewürleriň bähbitlerini goraýan ýolbaşçylar, azyk senagatyna, haly, şaý-sep, deri we senetçilik önümlerine ýöriteleşen kompaniýalaryň dolandyryjylary bar.
Owgan zenanlar toparyna başlyklyk edýän Feriba Naseri öz işewürligi we wekiliýetiň her bir agzasynyň alyp barýan işi barada aýdyp berdi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde we Söwda-senagat edarasynda işleýän zenanlar türkmen tarapyna wekilçilik etdi.
Türkmen tarapyndan duşuşyga gatnaşanlaryň hatarynda halyçylyk, moda we gözellik, gülçülik, şaý-sep, maglumat tehnologiýalary ugurlarynda iş alyp barýan işewür zenanlar bar.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu duşuşykda iki ýurduň zenan telekeçileriniň özara tanyşmagy we dürli pudaklar boýunça özara pikir alyşmaklary üçin şertleri döretdi. Gatnaşyjylar özleriniň üstünlikleri, gazananlary we meýilnamalary barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Owganystanyň Zenanlar söwda-senagat palatasynyň arasynda Ähtnama baglaşmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmenistanly zenan telekeçiler owgan kärdeşlerine ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri gowşurdylar.


düýn 16:33
4k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.6k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.4k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.2k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...