Aşgabatda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň işewürleriniň maslahaty geçirildi

  • 13.10.2024 23:47
  • 2k+

12-nji oktýabrda Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, maslahata Mongoliýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.
Işewürlik maslahatyna türkmen tarapyndan dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Dürli ugurlary öz içine alýan işewürlik maslahatynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 
Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garadylar. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyna üns berildi. Mongoliýanyň işewür düzümleriniň wekilleri iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetlidigini nygtadylar. 
Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.


03.06.2026 15:06
4.3k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...