Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market sergisine gatnaşmaga çakylyk aldy

  • 30.08.2024 11:07
  • 5.2k+

Türkmenistan we Tatarystan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kompaniýalaryny döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki 9-njy mejlisinde habar edildi diýip, ORIENT ýetirýär.

27-nji awgustda Kazanda Türkmenistanyň we Tatarystanyň ykdysadyýet pudagynyň esasy ugurlarynyň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň mejlisi geçirildi.

“Şu ýylyň ýedi aýy boýunça Tatarystan Türkmenistana 3,3 mln dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi. Bu esasan hem, mesge-ýag önümleri, ketçuplar, tomatlar, souslar, çowdary we bugdaý uny” – diýip, Tatarystan Respublikasynyň Oba hojalyk we azyk harytlary ministriniň orunbasary Rüstem Gaýnullow habar berdi. Ol Tatarystanda halal-senagatynyň ösüşine uly üns berilýändigini belläp, türkmen kompaniýalaryna sebitde bu bazary öwrenmek üçin her ýyl geçirilýän Kazan Halal Market halal önümleriniň sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaklaryny teklip etdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew geçen ýyl haryt aýlanyşygy 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13,4 % artyp, 52,3 mln dollara barabar boldy. 2019-2020-nji ýyllarda bolsa bu görkeziji iki esse köpdigini belledi.

“Türkmenistan we Tatarystan energetika, senagat, ulag, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça anyk özara bähbitli bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdrilen hyzmatdaşlygyň dürli gurallaryny ösdürip bilerler. Maýa goýum pudagynda, şol sanda bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginde we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde biziň ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar” – diýip, Joraýew nygtap geçdi.

Tatarystan Respublikasynyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko Türkmenistan bilen Tatarystanyň kärhanalarynyň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar – maşyn gurluşyk, nebit-gaz pudagy, lukmançylyk we beýlekiler – boýunça alnyp barylýandygyny belledi. “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky mümkinçilikler has ulydyr. We biz mundan peýdalanmalydyrys” – diýip, O.Korobçenko belledi.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......