Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

  • 12.01.2025 12:27
  • 13k+

11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary we bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň, köpriniň sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegini özünde jemleýän şertleriň döredilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, durky täzelenýän, şeýle hem gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda:

  • Arkadag şäher lukmançylyk klasteriniň;
  • söwda we işewürler merkeziniň;
  • lukmançylyk klasteriniň edara binasynyň we sanjym önümleriniň önümçilik desgasynyň;
  • Çeper halyçylyk kärhanasynyň, türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň şekil taslamalary;
  • gurulmagy teklip edilýän täze medeni-dynç alyş merkezi üçin niýetlenen ýer böleginiň çyzgylary bar.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan «Garagum», «Saýaly menzil», «Dost gurluşyk, «Ýedi ýer söwda-önümçilik», «Ajaýyp gurluşyk» hojalyk jemgyýetleriniň, «Mukaddes gün», «Ak tab», «Berk teker» hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ýüzlenip, olara täze şäheriň nobatdaky gurluşyklarynyň işini sazlaşykly ýola goýmak we olaryň depginlerini ýokarlandyrmak babatda telekeçiler bilen bilelikde işlemegi tabşyrdy.
Iş maslahatyny tamamlap, Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň jemagat hojalygy gullugynyň zerurlyklary üçin niýetlenip, Arkadag şäherine gelip gowşan täze tehnikalar, olaryň aýratynlyklary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdy.


düýn 23:05
727

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......