Jastin Biber NFT maýa goýumlarynda 1 million dollardan gowrak pul ýitirdi

  • 11.02.2026 13:57
  • 4.7k+

Meşhur amerikan aýdymçysy Jastin Biber «Bored Ape Yacht Club» (BAYC) kolleksiýasyndan bolan NFT-lere maýa goýup, 1 million dollardan gowrak serişdesini ýitirdi. Bu barada Happy Coin News neşiri habar berýär.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Bored Ape #3001» atly NFT üçin aýdymçy 500 efirium (ETH) sarp edipdi. Şol wagtky nyrhy boýunça bu takmynan 1,3 million dollara deňdi. Häzirki wagtda bolsa efiriumyň nyrhynyň we bu kolleksiýa bolan islegiň peselmegi sebäpli, şol tokeniň bahasy takmynan 12 660 dollar derejesinde söwdalaşylýar.
Aýdymçynyň ýitgileri diňe munuň bilen çäklenmeýär. Ol «Mutant Ape Yacht Club» seriýasyndan hem iki sany NFT satyn alyp, olar üçin ýüzlerçe müň dollar sarp edipdi. Emma şol tokenleriň hem  häzirki bahasy  bolup bilse, 3 000 dollar töweregidir.
Maglumatlara görä, Biber bu kolleksiýanyň meşhurlygynyň iň ýokary nokadyna ýetmeginden üç aý öň maýa goýupdyr. 2022-nji ýylyň aprelinde bir tokeniň iň pes bahasy 146 ETH-a çykypdy, ýöne soňra bazar birden aşaklap başlady. Netijede, BAYC-iň bahasy 6,1 ETH-a (takmynan 12 660 dollar) çenli peseldi.
Bu söwda şol wagt hem kripto-bilermenleriň arasynda geň galma döredipdi. Hatda Dastan kriptowalýuta kompaniýasynyň prezidenti Faroh Sarmad: «Jastine NFT-ni beýle gymmat bahadan satyn almagy maslahat bermek kimiň kellesine geldikä?» diýen soragy-da orta atypdy. Şeýlelikde ol  aýdymça 500 efiriuma birnäçe token satmagy hem teklip etdi, emma aýdymçynyň geňeşçileri bu teklibe hiç hili jogap bermediler.

 


24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

düýn 10:45
3.1k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

düýn 09:49
2k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.8k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....