Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2025-nji ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça mejlisi geçirildi

  • 03.07.2025 01:05
  • 15k+

2-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň başynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri hem-de harby gullukçylarynyň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada  aýtdy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap, gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri öz wagtynda aradan aýyrmak maksady bilen görlen anyk çäreler, sanly ulgamy ornaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýtdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak,  paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ilatyň arasynda, edaralarda we guramalarda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilişine uly üns berilýär.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly kazyýet işini kämilleşdirmek hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew mukaddes serhetlerini goramak, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaknaýyruhunda terbiýelenmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça  görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmekde döwrebap iş usullaryny hem-de iň täze tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler, degişli  ösüş Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......