Şwarsenegger karýerasyndaky iň girdejili film barada aýtdy. Ol "Terminator" däl

  • 28.06.2025 13:28
  • 13k+

Arnold Şwarseneggeriň iň girdejili filmi — Denni Dewito bilen bilelikde düşen “Ekizler” komediýasy bolup çykdy. Bu barada ol Watch What Happens Live atly şüweleň gepleşiginde Endi Koene beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, Variety ýazýar.

“Terminator” («Терминатор»), “Awçy” («Хищник») ýa-da “Ähli zady ýatla” («Вспомнить всё») ýaly meşhur söweşjeň filmlerde düşendigi bilen tanalsa-da, iň uly girdejini aktýora hut komediýa filmi getirdi.

"Birinji orunda “Ekizler” durýar, sebäbi biz şol film üçin gonorar almadyk, onuň ýerine filmdäki hukuklardan paý aldyk. Bu ajaýyp strategiýa boldy. Biz ol filmden gaty gowy gazandyk — diýip, Şwarsenegger aýtdy. Onuň sözlerine görä, gazanan girdejisi 40 million dollardan geçdi, hatda ondan hem köp boldy: — Hatda meniň başga islendik filmimden has kän — diýip belledi.

Ogly Patrik bilen geçiren söhbetdeşliginde Şwarsenegger bu komediýanyň üstünlik gazanjakdygyna ilkinji başda hiç kimiň ynanmandygyny ýatlaýar:

— Prodýuserler meni komediýa filmi üçin näme üçin saýlasynlar? Maňa akylyndan azaşan diýýärdiler…  Aýwan Raýtman bilen Denni Dewito peýda bolýança şeýle boldy.

Aktýor şeýle şert hödürläpdir: 16,5 million dollarlyk býujetli filmiň girdejisinden 40% paý almak şerti bilen hiç hili gonorar almajakdyklaryny aýdypdyr. Netijede film kinoteatrlarda 216 million dollar girdeji gazandy, wideo görnüşinde satuwdan hem has köp girdeji getiripdir.
Soňra bu filme dowam hökmünde “Üçemler” («Тройняшки») atly sikwel düşürmek hem meýilleşdirilipdi. Bu gezek aktýorlar toparyna Eddi Merfi goşulmalydy. Ýöne režissýor Aýwan Raýtman aradan çykandan soň bu taslama ýatyryldy.


16.09.2025 19:16
7.7k+

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy

Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy...

06.05.2025 15:44
8k+

Tramp daşary ýurt filmlerine 100% salgyt salmagy meýilleşdirýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň çäginden daşarda düşürilen filmlere 100% salgyt salmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Onuň pikirine görä, şeýle çäre Amerikanyň kino pudagyny goldamaga kömek eder. Tramp...

12.04.2025 08:08
4k+

Hytaý ýurtda golliwud filmleriniň görkezilmegini çäklendirer

Hytaý hökümeti ýerli prokatda golliwud filmleriniň sanyny azaltmak kararyna geldi. Munuň sebäbi ABŞ tarapyndan hytaý harytlaryna girizilen gümrük paçlary boldy diýip, Deadline habar berýär. “ABŞ-nyň hökümetiniň...

20.01.2025 18:16
3.8k+

“Moana 2” dünýä prokatynda 1 milliard dollar girdeji gazandy

“Moana 2” prokata çykandan soň sekiz hepdäniň dowamynda bir milliard dollar gazandy. Bu Disneýiň geçen ýylda şeýle mukdarda pul gazanan üçünji relizidir diýip, Variety ýazýar. Multfilm ABŞ-da 445 million dollar...