Tramp daşary ýurt filmlerine 100% salgyt salmagy meýilleşdirýär

  • 06.05.2025 15:44
  • 8k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň çäginden daşarda düşürilen filmlere 100% salgyt salmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi.

Onuň pikirine görä, şeýle çäre Amerikanyň kino pudagyny goldamaga kömek eder.
Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda beýleki ýurtlaryň Golliwudyň kinorežissýorlarynyň we studiýalarynyň ýurduň çäginden daşarda işlemegi üçin elinden gelenini edýändigini, ABŞ-nyň kino pudagynyň bolsa “gaty çalt depginde heläk bolup barýandygyny” ýazdy.

"Biz filmleriň ýene-de Amerikada surata düşürilip başlanmagyny isleýäris" – diýip, Ak tamyň baştutany mälim etdi. Ol ABŞ-nyň Söwda ministrligine we Söwda wekiline salgytlary girizmek işine başlamagy tabşyrdy.

Trampyň filmlere salgytlary nähili girizmegi meýilleşdirýändigi entek belli däl. CNN-iň bellemegine görä, kinematografiki önümler salgyt alynmaga degişli daşyndan getirilýän harytlaryň hataryna girmeýär. Daşary ýurt filmlerine 100% salgyt girizilen ýagdaýynda, Tramp tarapyndan başlanan söwda urşunyň haryt däl görnüşindäki importa ilkinji gezek ýaýramagy bolar.
Soňky ýyllarda amerikan studiýalary Kanada, Beýik Britaniýa, Täze Zelandiýa, Irlandiýa we Awstraliýa ýaly ýurtlar tarapyndan hödürlenýän salgyt ýeňillikleri we maliýe höweslendirmeleri sebäpli daşary ýurtlarda ýerleşenlerini kem görenoklar. Şeýle-de bolsa, Variety-iň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda kassa ýygymynyň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15,8% ýokarlanandygyna garamazdan, girdejiler 2019-njy ýyldaky pandemiýadan öňki derejesinden 31% pesdir. Aktýorlaryň we ýazyjylaryň 2023-nji ýyldaky iş taşlaýyşlary filmleriň we teleseriallaryň önümçiliginiň 40% azalmagyna sebäp bolup, ýagdaýy hasam ýaramazlaşdyrdy.
Trampyň yglan eden habaryndan soň, Golliwudyň studiýalary täze salgytlaryň ýetirip biljek täsirini we amala aşyrylyş jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly ýygnak geçirdi. Olar çäreleriň häzirki wagtda amala aşyrylýan we geljekde amala aşyrylmaly taslamalara etjek täsiri babatda, hususanam, “Ar alyjylar”, “Awatar” we “Amal edip bolmajak tabşyryk” ýaly esasy franşizalaryň bölekleýin daşary ýurtlarda surata düşürilýändigini göz öňünde tutup  alada bildirdiler.
Kino pudagynyň wekilleri hökümetden salgytlaryň jikme-jiklikleri we bu pudaga etjek täsiri barada goşmaça düşündirişlere garaşýarlar.


15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
5.8k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

12.05.2026 20:41
13k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

03.05.2026 23:48
6.4k+

Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....