Hytaý ýurtda golliwud filmleriniň görkezilmegini çäklendirer

  • 12.04.2025 08:08
  • 4.1k+

Hytaý hökümeti ýerli prokatda golliwud filmleriniň sanyny azaltmak kararyna geldi. Munuň sebäbi ABŞ tarapyndan hytaý harytlaryna girizilen gümrük paçlary boldy diýip, Deadline habar berýär.

“ABŞ-nyň hökümetiniň HHR-e gatnaşykda gümrük paçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak boýunça ýalňyş tejribesi hytaý auditoriýasynyň amerikan filmlerine bolan isleginiň barha peselmegine getirer. [...] Biz daşarky dünýä üçin açyk bolmagyň ýokary derejesini saklaýarys we bazaryň islegini kanagatlandyrmak üçin dünýäniň köp ýurtlaryndan birinji derejeli filmleri görkezeris” – diýlip, HHR-iň Kinematografiýa işleri boýunça Döwlet edarasynyň beýanynda aýdylýar.

Bu çäklendirmä jogap hökmünde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “mundan has erbet zatlary hem eşidendigini” aýtdy.
Hytaý dünýäde ululygy boýunça ikinji kino bazary bolup galýar. Häzir kinoteatrlarda “Minecraft kinoda” filmi görkezilýär. Ýazda we tomusda has uly býujetli “Missiýa ýerine ýetirmesiz 8” we “Supermen” blokbasterleriniň premýerasy meýilleşdirilýär. Häzirlikçe täze çözgüdiň olaryň prokatyna täsir etjekdigi ýa-da ýokdugy belli däl.
Ýatlap geçsek, mart aýynda Tramp Hytaý üçin 20% gümrük pajyny kesgitledi. Ol 2-nji aprelde hytaý harytlaryna gatnaşykda 34% nyrh girizdi. Pekin hem şonuň bilen jogap berdi. Soňra taraplar ikitaraplaýyn gümrük paçlaryny gezekli-gezegine ýokarlandyrmagy dowam etdirdi we birnäçe günüň içinde olary 125%-e ýetirdi.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......