“Moana 2” dünýä prokatynda 1 milliard dollar girdeji gazandy

  • 20.01.2025 18:16
  • 3.8k+

“Moana 2” prokata çykandan soň sekiz hepdäniň dowamynda bir milliard dollar gazandy. Bu Disneýiň geçen ýylda şeýle mukdarda pul gazanan üçünji relizidir diýip, Variety ýazýar.

Multfilm ABŞ-da 445 million dollar, beýleki ýurtlarda 567 million dollar gazandy. “Moananyň” sikweli 28-nji noýabrda goýberildi we Minnetdarlyk gününde kassa ýygymynda rekord goýmak bilen, baýramçylygyň bäş gününde 225 million dollar gazandy (öňki rekordy 125 million dollar, 2019-njy ýylda “Doňan ýürek-2” tarapyndan goýlupdy).
“Moana-2” “Tapmaça-2”-den we “Dedpul we Rosomahiden”-den soň, Disneýiň 2024-nji ýylda çykaran 1 milliard dollar gazanan üçünji relizidir. Universal özüniň  “Ýigrenji men-4”-i (969 million dollar) bilen bu görkezijä golaýlan bolsa-da, studiýanyň bäsdeşleriniň hiç biri hem bir filmde 1 milliard dollar gazanyp bilmedi.
Tankytçylaryň gapma-garşylykly seslenmelerine sezewar bolandygyna garamazdan, “Moana 2” tomaşaçylardan oňyn baha aldy we ýedi dynç gününiň dowamynda ABŞ-da ilkinji bäşlikde galmagyny dowam etdi. Variety multfilmiň üstünlikleriniň kinoteatrlaryň peýdasyna “umytly ýagdaý” bolmalydygyny belleýär, sebäbi sikweli başda akym hyzmatlarynda goýbermek isläpdiler.


16.09.2025 19:16
7.7k+

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy

Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy...

28.06.2025 13:28
13k+

Şwarsenegger karýerasyndaky iň girdejili film barada aýtdy. Ol "Terminator" däl

Arnold Şwarseneggeriň iň girdejili filmi — Denni Dewito bilen bilelikde düşen “Ekizler” komediýasy bolup çykdy. Bu barada ol Watch What Happens Live atly şüweleň gepleşiginde Endi Koene beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, Variety ýazýar...

06.05.2025 15:44
8k+

Tramp daşary ýurt filmlerine 100% salgyt salmagy meýilleşdirýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň çäginden daşarda düşürilen filmlere 100% salgyt salmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Onuň pikirine görä, şeýle çäre Amerikanyň kino pudagyny goldamaga kömek eder. Tramp...

12.04.2025 08:08
4k+

Hytaý ýurtda golliwud filmleriniň görkezilmegini çäklendirer

Hytaý hökümeti ýerli prokatda golliwud filmleriniň sanyny azaltmak kararyna geldi. Munuň sebäbi ABŞ tarapyndan hytaý harytlaryna girizilen gümrük paçlary boldy diýip, Deadline habar berýär. “ABŞ-nyň hökümetiniň...