Garabogazköl howdanynda Türkmenistanda ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi

  • 28.06.2025 17:30
  • 25k+

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi. Ýabany tebigatda möhüm açyş hökmünde hasaba alnan bu taryhy pursat Garabogazköl howdanynda oturdylansurata alyjy duzaklara düşdi.

Surata düşürmek işleri Şotlandiýanyň Patyşalyk Zoologiýa jemgyýeti (Royal Zoological Society of Scotland, RZSS) bilen “Conservation X Labs” başlangyjynyň bir bölegi bolan tebigaty goramak bilen meşgullanýan “Team Bars Turkmenistan” türkmen guramasy tarapyndan amala aşyryldy.
Bu waka garagulagyň Türkmenistanda köpelişiniň ilkinji resmi subutnamasy boldy. Şeýle hem bu ýer bu haýwanyň ýurdumyzda resmi taýdan hasaba alnan iň demirgazyk ýaşaýyş nokady hökmünde bellendi diýip, tebigaty goramak boýunça hünärmen Kasýa Ruta belleýär.
Garagulak – ýabany pişikleriň maşgalasyndan bolup, gizlin ýaşaýyş ýörelgesi bilen tanalýar. Bedeni inçe we ýumşak, altyn-gyrmyzy reňkli gysga ýüň bilen örtülen. Gulaklarynda çykyp duran özboluşly gotazjyk bilen tanalýan garagulak pişikler maşgalasynyň iň ýaşyryn gezýän wekilleriniň biridir. Merkezi Aziýada bu haýwan juda seýrek duş gelýär, onuň köpelişi baradaky maglumat bolsa uzak wagtlap alymlar üçin syrly bolup galypdy. Garagulak ekoulgamda möhüm orny eýeleýär — ol ownuk süýdemdiriji haýwanlary we guşlary awlaýar, bu bolsa ony sebitde ekologiýanyň durnuklylygynyň görkezijisi hökmünde möhüm ähmiýetli edýär.

Garagulaklar ýylyň dowamynda islendik wagtynda jübütleşip bilýärler, emma köplenç oktýabr-fewral aralygynda köpelýärler. Göwrelilik döwri 70–80 gün dowam edýär.
Garagulagyň ömri 15–20 ýyl aralygyndadyr.
Genetiki barlaglar garagulagyň afrikan altyn pişigi we serwal bilen genetiki taýdan ýakyn gatnaşykdadygyny görkezýär – olar takmynan 5,4 million ýyl ozal umumy ata-babadan dörän.
Aziýada garagulaklar üçin esasy howp – olaryň ýaşaýan ýerleriniň ýok bolmagy, şeýle hem adamlaryň we itleriň olara ýetirýän howpy bolup durýar.
2024-nji ýylyň ortalaryndan bäri alnyp barylýan gözegçilik işleri ýurdumyzdaky ýabany haýwanlaryň ýaşaýan esasy ýerlerini, şol sanda Özbegistan bilen serhetdeş ýerleşýän Gaplaňgyr goraghanasyny we Üstýurt platosynyň gaýaly ýerlerini öz içine alýar.


şu gün 00:03
1.7k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......