Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

  • 03.06.2026 15:12
  • 4.6k+

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu sowgatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow çagalara aýratyn üns bermegiň we ösüp gelýän ýaş nesil barada alada etmegiň türkmen halkynyň mizemez ýörelgesidigini belledi. Ol çagalary hem-de ýaşlary goldamak ugrunda alnyp barylýan işleriň uly ähmiýetini aýratyn nygtady.

Çärede çagalary terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek we hemmetaraplaýyn ösmekleri üçin ähli şertleri döretmek meseleleriniň döwletimiziň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Ýurdumyzda bilim infrastrukturasyny ösdürmek, çagalaryň dynç alşyny talabalaýyk guramak hem-de ýaşlary sport hereketine çekmek boýunça giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Şu gezekki çäre Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň baýramçylyk maksatnamasynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Sowgatlar gowşurylandan soňra, çäre ajaýyp aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Döwletliler köşgüniň çagalary özlerine görkezilen çuňňur üns we ýokary alada üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......