Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

  • 03.06.2026 15:43
  • 9k+

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamalary tassyklandy. Degişli Kararlara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Milli tokaý maksatnamasy daşky gurşawy goramak baradaky döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, klimatyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we ekoulgamlaryň hem-de tokaý hojalygynyň onuň netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça esasy hereket ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen kabul edildi. Bu resminama şeýle hem Türkmenistanyň «Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasyny» durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Temmäkä garşy göreş baradaky maksatnama bolsa ilatyň ruhy we beden saglygyny üpjün etmäge, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga, ilatyň abadançylygyny hem-de ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmaga esaslanýar.

Karara laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, şeýle hem welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine temmäkä garşy göreş maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......