Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana türkmen milli içmegini sowgat berdi

  • 01.03.2024 16:35
  • 24k+

1-nji martda Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

 Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkiýäniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. 
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýä gelip görmäge we 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesindäki ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşykly we netijeli häsiýetini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýäniň Baştutanyny 70 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlady şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Halkymyzyň asylly däbine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow şanly ýubileý mynasybetli türk Liderine türkmen milli içmegini sowgat berdi. Içmek sary reňkli deriden taýýarlanyp, nagyşlar bilen bezelipdir. Mälim bolşy ýaly, gadymy däbe görä, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn minnetdarlygyň nyşany hökmünde gowşurylýar. Türkmen içmegi şeýle hem ýylyň islendik paslynda geýip bolýandygy bilen tapawutlanýar. 
Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Öň habar berşimiz ýlay, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen türk Liderine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy.


düýn 22:09
671

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
535

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
653

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......