Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” boldy

  • 26.02.2024 09:38
  • 22k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şeýle hem Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyny dakdy.

“Köp ýyllaryň dowamynda dürli ýokary döwlet wezipelerinde zähmet çekmek bilen, Siz ýurduňyzy yzygiderli ösdürmäge, halkyňyzyň bähbitlerini goramaga, milli strategiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýärsiňiz. Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda sebitde hem-de onuň daşynda mynasyp hormata, abraýa eýe boldy, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ýaşuly nesle hormat goýmak däplerine eýerip, türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge bahasyna ýetip bolmajak şahsy goşandyňyzy, halklarymyzyň jebisligine, gülläp ösmegine gönükdirilen aladaňyzy göz öňünde tutup, şeýle hem şanly 70 ýaş toýuňyz mynasybetli, jenap Rejep Taýyp Ärdogan, Size Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyny dakmak barada karara geldik” diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi.

 

Rejep Taýyp Ärdogan 2021-nji ýylda Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglandy.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


düýn 16:02
911

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......