“Döwletliler köşgünde” terbiýelenýän çagalar Türkiýede boldular we Ärdogana sowgat berdiler

  • 25.04.2024 06:46
  • 18k+

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýede bolup, her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni mynasybetli geçirilýän medeni çärelere gatnaşdylar.

Türki Döwletler Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar doganlyk ýurduň Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilen çärelere gatnaşdylar.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar medeni maksatnamanyň çäklerinde Atatürkiň aramgähine baryp gördüler. Şeýle hem olar Türkiýäniň Beýik millet mejlisine baryp gördüler.
Aşgabadyň Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan kabul etdi. Olar türk topragynda mähirli kabul edilendikleri we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin doganlyk ýurduň Prezidentine tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.
Şeýle hem çagalaryň türk dilinde okan goşgulary we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar—Watanyň daýanjy” atly kitabynyň türk diline terjime edilen nusgasynyň Türkiýäniň Prezidentine çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat gowşurylmagy tolgundyryjy pursatlara öwrüldi. Aýratyn-da, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan türkmen tahýasynyň we dutarynyň özüne bildirilen hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady we munuň üçin türkmen çagalaryna we olaryň üsti bilen Gurbanguly Berdimuhamedowa, Serdar Berdimuhamedowa we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


düýn 16:55
7.9k+

ÝB derňewçileri Türkiýä bikanun barýan 4,2 müň tonna dokma galyndysynyň öňüni aldylar

Ýewropanyň galplyga garşy göreş baradaky müdiriýeti (OLAF) Italiýanyň karabinerleri we Türkiýäniň gümrük edaralary bilen bilelikde Italiýadan Türkiýä bikanun ýol bilen äkidilip barylýan 4,2 müň tonna tekstil......

28.06.2026 20:02
10k+

Türkiýede bir aýal ýalňyşlyk bilen 1 kg altyny zibile zyňdy

Türkiýäniň Bursa şäheriniň Ýyldyrym etrabynda ýaşaýan bir aýal içinde takmynan 133 müň dollar gymmatynda bir kilogram altynly poletilen torbany ýalňyşlyk bilen zibile oklady. CNN Türk-üň habar bermegine görä,......

28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......