Arheologlar Türkiýede iň gadymy aýna artefaktlaryny tapdylar

  • 04.08.2025 18:10
  • 4.8k+

Arheologlar Türkiýäniň Büklükale şäherinde bürünç asyrynyň tehnologiýasy we medeni alyş-çalşy baradaky düşünjämizi üýtgedýän gadymy aýna zatlary tapdylar. Olar Merkezi Anadoluda tapylan iň gadymy aýna önümleriň biridir diýip, Arkeonews habar berýär.

Tapyndylaryň arasynda b.e. öňki XVII-XVI asyrlara degişli Karum döwründen ýa-da irki Gadymy Hett Patyşalygyndan galan armyt şekilli çüýşe we goýy gök kulon bar.
Egrem-bugram nagyşly çüýşe nuzili we assurly Mesopotamiýa bezeglerine meňzeýär, ýöne izotop synaglary onuň ýerli önümdigini tassyklaýar. Bu sebitde ozal näbelli aýna senagatynyň bolangyny görkezýär we Anadolunyň tehnologiýany ösdürmekdäki orny barada sowal döredýär.


Iştar taňrysy bilen baglanyşykly zatlara meňzeş disk şekilli kulon hurritleriň däpleri bilen medeni baglanyşyklaryň bardygyny görkezýär. Şeýle kulonlar Mesopotamiýa däp-dessurlarynda ulanylyp, Iştar kultynyň ýerli görnükli adamlara täsiriniň bolandygyny  görkezýär.
Şeýle hem gazuw-agtaryş işleri wagtynda 6000-den gowrak kiçijik jam, babyryň mermer kelleleri, lazurit şaý-sepler we düýeguş ýumurtgasynyň gabyklary bolan iki sany ýerasty ammar tapyldy. Arheobotanik subutnamalar ýerli däl ösümliklerden künji bilen gawunyň bardygyny ýüze çykardy. Bularyň hemmesi bu ýerlerde  müňlerçe adamyň gatnaşmagynda giň gerimli dabaraly ýygnaklaryň geçirilendigini görkezýär.
Büklükaleden tapylan tapyndylar Anadolunyň hetleriň döwründe söwda ykdysadyýetinden imperiýa gurluşlaryna geçişini görkezýär. Ýerli aýna önümçiligi bu ýeriniň bürünç asyryny öwrenmek üçin ähmiýetlidigini nygtaýar.


07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

01.06.2026 20:16
6.4k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......