Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti boldy

  • 09.08.2025 15:32
  • 5.9k+

8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy.

Dabaraly konsert «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly aýdym bilen açyldy.
Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet hem sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň çykyşlarynda bu ýurtlaryň halk döredijiliginiň, häzirki zaman sungatynyň baý däpleri we özboluşlylygy beýan edildi.
Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň meşhur halk hem-de estrada aýdymçylary, tanymal sazandalary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olar türkmen aýdym-saz sungatynyň naýbaşy eserlerini, söýgi, dostluk, ajaýyp dünýä baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Deňziň gözel keşbi, interaktiw suw çüwdürimleriniň emele getirýän şekilleri, yşygyň, reňkiň we sesiň sazlaşygy konsertiň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Merkezde, sahnanyň daş-töwereginde ýerleşdirilen uly monitorlarda görkezilýän wideoşekiller çykyşlaryň şowhunyny artdyrdy. Sözleri we sazy Gahryman Arkadagymyza degişli bolan «Garaşyp ýazlaryň joşan wagtyna» atly aýdym konserte gatnaşyjylar üçin hakyky sowgat boldy. Aýdymyň sazy ýaňlanan badyna, tomaşaçylary ruhubelent duýgular gurşap aldy. Ajaýyp sazy, çuňňur manyly sözleri bilen bu aýdym dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň kalbynda aýratyn täsirleri galdyrdy.
Däp bolşy ýaly, dabaraly konsertiň ahyrynda gadymy «küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi.


düýn 10:55
5.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......