Rejep Taýyp Ärdogan Ministrler Kabinetiniň tutuş düzümini diýen ýaly çalyşdy

  • 05.06.2023 10:45
  • 38k+

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, esasy ministrlikleriň ýolbaşçylaryny hem öz içine almak bilen, hökümetiň tutuş düzümini diýen ýaly çalyşdy. Ol şenbe güni Respublikanyň hökümetiniň täze düzümini yglan etdi.

Daşary işler ministri wezipesine 2010-njy ýylyň maý aýyndan bäri Milli aňtaw guramasyna ýolbaşçylyk eden, aňtaw gullugynyň başlygy Hakan Fidan bellendi. Milli Goranmak ministrligine Baş ştabyň başlygy bolup işlän general Ýaşar Gýuler ýolbaşçylyk eder. Içeri işler ministri wezipesine 2018-nji ýyldan bäri Stambul welaýatynyň häkimi bolup işleýän we ondan ozal Gaziantep welaýatyna ýolbaşçylyk eden Ali Ýerlikaýa bellener. Maliýe ministri hökmünde ýurduň ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýy çözmek üçin bu wezipä Mehmet Simşek çagyryldy. Ol bu wezipäni 2009-2015-nji ýyllarda hem alyp barypdy we ondan öň Ykdysady meseleler boýunça döwlet ministri wezipesini-de eýeläpdi (2007-2009). Owal Energetika ministriniň orunbasary bolup işlän Alparslan Baýraktar Energetika we tebigy gorlar ministrligine ýolbaşçylyk eder.
Ärdogan, ozal wada berişi ýaly, "bir orunbasar ýeterlik" diýip, wise-prezidentleriň sanyny köpeltmedi, ýöne bu wezipedäki Fuat Oktaýyň ornuna başgasyny bellär. Ozal hökümet agzasy bolan Jewdet Ýylmaz täze wise-prezident bolar. Ol 2009-2011-nji ýyllarda Döwlet ministri, 2011- 2016-njy ýyllarda - Türkiýäniň Ösüş ministri we Ykdysady meseleler boýunça wise-premýer  bolupdy. 17 ministriň diňe ikisi - Fahrettin Koja (Saglygy goraýyş ministri) we Mehmet Nuri Ersoý (Medeniýet we syýahatçylyk ministri) öz wezipelerinde galdy.


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......