Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň 100 ýyllygy bilen gutladylar

  • 30.10.2023 12:18
  • 19k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýram — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Siziň ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek buýsançlydyr. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys» diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, onuň giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......