Serdar Berdimuhamedow Türkiýä resmi saparyny tamamlap, Aşgabada geldi

  • 27.10.2023 09:38
  • 8.6k+

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Ankarada berlen resmi agşamlyk naharyndan soňra, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardylar.

Howa menzilinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar hem-de iki doganlyk halka rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
Birnäçe sagatdan soňra, Serdar Berdimuhamedowyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Şeýle hem bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......