Türkiýedäki Karahantepede adamyň şekili bolan gadymy daş sütüni tapyldy

  • 13.10.2025 09:51
  • 6.9k+

Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky neopolit döwrüne degişli Karahantepe sebitinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda adamyň şekili bolan T-şekilli daş sütüni tapyldy. Bu barada Türkiye Today habar berýär.

Ozal alymlar goňşy Göbekli-Tepede hem eliň we penjäniň şekili bolan şuňa meňzeş sütünleri tapypdy, ýöne bu ullakan daş böleginde ýüzüň şekili mese-mälim oýulan ilkinji tapyndy boldy. Artefaktyň ýaşy, takmynan, 12 müň ýyl diýlip hasaplanýar.
“Daş gorganlary” taslamasynyň hünärmenleri oýulan çuň gözleri we giň burny bolan sütüniň bir wagtyň özünde binagärlik we çeperçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirip, adamzadyň adam keşbini şekillendirmek isleginiň bolandygyny görkezýändigini öňe sürýär.

Arheologlar şeýle tapyndylaryň Türkiýäniň günorta-gündogarynda neolit eýýamynyň adamlarynyň sungatyň we nyşanlaryň üsti bilen özüni nähili suratlandyrandygyna has gowy düşünmäge kömek edýändigini belleýär. 


13.06.2026 12:29
5.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......