“Liwerpul” ÇL-iň taryhynda klubuň iň ýaş oýunçysy bilen professional şertnama baglaşdy

  • 02.07.2025 14:05
  • 9.9k+

“Liwerpul” häzire çenli Çempionlar ligasynda klub üçin çykyş eden iň ýaş oýunçy bolan Treýmoris Nýoni bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. 30-njy iýunda 18 ýaşyny dolduran güni ýarymgoragçy ilkinji professional şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik gazandy. Şertnama gol çekilendigi barada klubuň metbugat gullugy mälim etdi.

Nýoni 2023-nji ýylyň sentýabrynda “Lesterden” “Liwerpula” geçdi. Geçen möwsümde ýarymgoragçy klubuň 18 ýaşa çenli, 19 ýaşa çenli we 21 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynda çykyş etdi. Onuň hasabynda esasy toparyň düzüminde alty duşuşyk bar.

“Görnüşi ýaly, bu köp zady aňladýar. Men kluby çagalykdan bäri goldaýaryn, şonuň üçin bu ajaýyp duýgy. Indi men çykyp, bu şertnama näme üçin mynasypdygymy görkezmeli. Men ädimde-ädim, gün-günden oýunçy hökmünde has kämilleşýärin diýip pikir edýärin. Men entek ýaş. Bu iň möhüm zat. Men kluba mynasyp jogap gaýtarmaly” – diýip, “Liwerpulyň” resmi saýty Nýoniniň sözlerini getirýär.

Nýoni 2025-nji ýylyň ýanwarynda Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň “PSW” bilen oýnunda (2:3) 64-nji minutda meýdança çykdy. Ol 17 ýyl 213 gün ýaşynda Ýewropa ýaryşlarynyň taryhynda “Liwerpulyň” iň ýaş oýunçysy boldy.  


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......