“ManSiti” hüjümçi Marmuşy satyn aldy, goragçy Uokeri kärendesine berdi

  • 24.01.2025 08:18
  • 6.8k+

Angliýanyň “Mançester Siti” kluby “Aýntrahtdan” (Frankfurt, Germaniýa) müsürli hüjümçi Omar Marmuşyň geçendigini mälim etdi. Bu barada habar iňlis klubunyň resmi saýtynda peýda boldy.

“Mançester Siti” Frankfurtyň “Aýntraht” klubundan Omar Marmuş bilen şertnama baglaşylandygyny habar bermäge şat. 25 ýaşly müsürli hüjümçi “Etihada” dört ýarym ýyllyk şertnama boýunça geçdi, bu onuň 2029-njy ýylyň tomsuna çenli klubda galjakdygyny aňladýar.
Marmuş – Ýewropa futbolynda iň köp isleg bildirilýän ýaş hüjümçileriň biri, ol hüjümiň islendik tarapynda oýnamaga ukyply” – diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar.
Şol bir wagtyň özünde, “Sitiniň” goragçysy Kaýl Uokeriň kärendesine hökmünde Italiýanyň “Milan” toparyna geçjekdigi belli boldy. Insaýder Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, şertnamada 5 mln ýewro satyn almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Futbolçynyň zähmet hakyny italýan kluby tölär.
34 ýaşly Uoker 2017-nji ýyldan bäri “Mançester Sitide” çykyş edýär. Bu döwürde ol 319 oýna gatnaşyp, 6 gol geçirdi we 23 netijeli geçirim etdi. Klub bilen bilelikde Angliýanyň alty gezek çempiony we Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.


şu gün 10:04
2.3k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 23:30
5.6k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
12k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......