“Arsenal” 73,5 mln ýewro “Sportingden” Wiktor Dýokereşi satyn aldy

  • 27.07.2025 19:48
  • 7.3k+

Londonyň “Arsenaly” Lissabonyň “Sporting” klubunyň hüjümçisi Wiktor Dýokereş bilen şertnama baglaşdy. Çeşmeleriň we Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, transfer mukdary 63,5 mln ýewro (goşmaça 10 mln bonus) boldy.

27 ýaşly şwesiýaly hüjümçi bilen bäşýyllyk şertnama baglaşyldy.
Geçen möwsümde Dýokereş 52 oýunda 54 gol geçirdi we 11 assist etdi. Şeýle statistika garamazdan, ol “Altyn butsy” üçin göreşde “Realyň” hüjümçisi Kilian Mbappeden yza galdy, çünki La Liganyň koeffisiýenti Portugaliýanyň Primeýrasyndan ýokary.

Şwesiýanyň milli ýygyndysynda hem Dýokereş soňky 17 oýunda 12 gol geçirdi.
Futbolçynyň “Sportingden” gitmegi dawaly boldy. Dýokereş APL-e geçmegi tizleşdirmek niýeti bilen klubuň möwsümden öňki türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmady. KHBS oýunçynyň gitmek üçin töleg barada dilden ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan, klubuň onuň bahasyny ýokarlandyrmagyna nägilelik bildirendigini ýazdy.

“Arsenalda” oýunçy ozal klubuň meşhur oýunçylary Týerri Anri bilen Pýer-Emerik Obameýanga degişli bolan 14-nji belgide çykyş eder.
Belläp geçsek, Dýokereş ozal Angliýanyň çempionatynda – “Braýtonda”, “Suonside” hem-de “Kowentride” oýnapdy, şol ýerden hem 2021-nji ýylda Lissabona ugrady.


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......