“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy

  • 03.07.2025 23:14
  • 9.6k+

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, transferiň bahasy 55 mln funt sterling boldy, ýene 5 mln funty “Braýton” bonus görnüşinde alyp biler. Şeýlelikde, şertnamanyň umumy bahasy 60 mln funt sterlinge (81,4 mln dollardan gowrak) ýetýär.
Žoao Pedro eýýäm Klublaýyn dünýä çempionaty üçin “Çelsiniň” oýunçylar sanawyna goşuldy – hasaba alyş penjiresi 3-nji iýula çenli açyk. Pedro eýýäm şu şenbe güni 1/4 finalda Braziliýanyň “Palmeýras” klubuna garşy oýunda çykyş edip biler.
Hüjümçi “Braýtonda” 2023-nji ýylyň tomsundan bäri oýnady. Topar üçin 70 oýna gatnaşyp, 30 gol geçirdi. Ozal “Uotfordda” we “Fluminensede” oýnapdy. Onuň hasabynda Braziliýanyň milli ýygyndysy üçin üç oýun bar.
Žoao Pedro “Çelsiniň” tomusky transferleriniň uzyn sanawynyň üstüni ýetirdi: ýakynda klub Liam Delap, Estewao, Dario Essugo, Mamadu Sarr we Kendri Paes bilen şertnama baglaşdy. Şeýle-de, Dortmundyň “Borussiýasyndan” Jeými Gittens bilen şertnama tamamlanmaga ýakyn. 


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......