Salah üçünji gezek PFA tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýragy aldy – bu rekord

  • 21.08.2025 16:03
  • 5.5k+

“Liwerpulyň” wingeri Mohamed Salah Angliýanyň Professional futbolçylaryň assosiasiýasy (PFA) tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysy üçin baýraga mynasyp boldy. Müsürli oýunçy bu baýragy üçünji gezek alýar we bu rekorddyr.

Angliýanyň çempionatynyň geçen möwsüminde Salah 38 oýna gatnaşyp, 29 gol geçirdi we 18 assist etdi. Ol bir wagtyň özünde Premýer-liganyň iň gowy bombardiri we iň gowy assistenti boldy. Ozal PFA 33 ýaşly Salahy möwsümiň simwolik toparyna goşdy.
Salah “Liwerpulda” 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Onuň klub bilen häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 50 mln ýewro barabar.  


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......