“Mançester Siti” özbek goragçysy Husanowy 50 mln ýewro satyn aldy

  • 21.01.2025 11:01
  • 11k+

“Mançester Siti” Özbegistanyň milli ýygyndysynyň merkezi goragçysy Abdukodir Husanowy satyn alandygyny resmi taýdan habar berdi. Onuň şertnamasy 2029-njy ýyla çenli hereket eder.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, “ManSiti” 20 ýaşly futbolçynyň transferi üçin “Lans” klubuna bonuslar bilen birlikde 50 mln ýewro töledi – bu fransuz kluby üçin rekord mukdar (Husanow 2024-nji ýylyň jemi boýunça “Lansyň” iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi). Insaýder Fabrisio Romano şertnamada hökmany tölenmeli mukdaryň 40 mln ýewrodygyny aýdypdy.
Bellenilişi ýaly, oýunçynyň transferi üçin “Bunýodkor” özbek kluby, takmynan, 800 müň ýewro alar – bu klubuň oýunçyny 12 ýaşyndan bäri terbiýeländigi üçin raýdaşlyk tölegidir. Husanow “Energetik-BGU” belarus klubunda hem az wagtlyk oýnady, şonuň üçin bu klub hem öz paýy üçin dalaş edýär.
Husanow iňlis klubunda 45-nji belgini aldy. Ol taryhda Angliýanyň Premýer-ligasynda ilkinji özbek futbolçydyr.
Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, öň futbolça Madridiň “Realy”, Angliýanyň “Tottenhem Hotspur”, “Çelsi”, “Nýukasl Ýunaýted”, şeýle-de Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby gyzyklanma bildirdi.
Abdukodir milli ýygyndyda çykyş eden özbek futbolçysy Hikmat Haşimowyň ogludyr. Abdukodir atasynyň familiýasyny göterýär – kakasy ony ýaş futbolçyny erkine goýbermezlikleri we “ýyldyz keselinden” goramak üçin üýtgetdi diýip, Daryo.uz neşiri ýazýar.


şu gün 13:51
2.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......