“Kristal Pelas” eýeçilik meselesi sebäpli Ýewropa ligasyna gatnaşmakdan mahrum edildi

  • 12.07.2025 19:10
  • 5.5k+

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) Londonyň “Kristal Pelas” klubuny onuň eýeçilik gurluşy bilen bagly bähbitleriň ters gelýändigi sebäpli, Ýewropa ligasyndan Konferensiýalar ligasyna düşürdi. Bu karar amerikaly telekeçi Jon Tekstoryň iňlis toparynda-da, Fransiýanyň “Lion” klubunda-da paýynyň bardygy bilen baglanyşykly kabul edildi.

UEFA-nyň maglumatlaryna görä, Tekstor hasabat döwründe “Lionyň” paýynyň 90%-ne we “Kristal Pelasyň” paýynyň 43%-ne gözegçilik edýärdi. Guramanyň düzgünnamalarynda hiç kimiň Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşýan birden köp klubuň dolandyrylyşyna göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşyp bilmejekdigi aýdyň görkezilýär. Klublara Maliýe Gözegçiligi Komissiýasy (CFCB) gapma-garşylygyň bardygyny ýüze çykardy we düzgüne laýyklykda milli ligada has ýokary orny eýelän toparyň – “Lion” Fransiýada bäşinji, “Kristal Pelas” bolsa Angliýada 12-nji ýerde - peýdasyna karar kabul etdi.
“Kristal Pelas” başda klubuň taryhynda ilkinji uly kubok bolan Angliýanyň Kubogynyň ýeňijisi hökmünde Ýewropa ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. “Lion” Ýewropa möwsümine gatnaşyp bilmezlik töwekgelçiligi astyndady, sebäbi gözegçilik edarasy öň olary Liga 1-den çykarmak barada karar çykarypdy, ýöne bu karar şikaýat edildi.
The Guardian gazetiniň habaryna görä, Tekstoryň “Kristal Pelasdaky" paýyny NFL-iň “New-Ýork Jets” - klubunyň eýesi Wudi Jonsona satmak barada ylalaşyk gazanyldy.
Mundan başga-da, Tekstonyň özi “Kristal Pelasda” karar bermek hukugynyň ýokdugyny tassyklaýar. Telekeçi London klubunda "dolandyryş kararlaryny" kabul edip bilmejekdigini görkezýän resmi subutnamalarynyň bardygyny we UEFA-nyň "bu resminamany görendigini" aýtdy.
“Kristal Pelas” we “Lion” bilen baglanyşykly ýagdaý ýeke-täk däl. Mysal üçin, geçen möwsüm Çempionlar ligasynda “Mançester Siti” (100% City Football Group-a degişli) we “Žirona” (47%) şuňa meňzeş gapma-garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şonda maýa goýujy Ispaniýanyň klubunyň düzüminde düýpli üýtgeşmeleriň bolandygyny aýdyp, UEFA-ny ynandyrmagy başarypdy.


şu gün 10:24
3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......