«Tottenhem» 17 ýyldan soň kluba ilkinji kubogyny gazandyryp beren tälimçisini wezipeden boşatdy

  • 08.06.2025 21:07
  • 9.5k+

Enj Postekoglu Londonyň «Tottenhem» futbol klubunyň baş tälimçiliginden gitdi. 59 ýaşly gresiýaly hünärmeniň wezipeden boşadylandygy barada toparyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi.

Postekoglu «Tottenhemiň» Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanmagyndan iki hepde soň işden boşadyldy. Klubuň ýolbaşçylygy bu karary Angliýanyň Premýer ligasyndaky (APL) kanagatlanarsyz netijeler bilen düşündirdi.

«Ol kluba däp bolan hüjümçilik stilini yzyna getirdi, şeýle hem geçen aý Bilbao şäherinde UEFA-nyň Ýewropa ligasynda gazanan ýeňşimiz bilen taryhymyza täze sahypa ýazdy – bu üstünlik ýadymyzda hemişelik galar. Enjiň kluba bolan ygrarlylygy we iki ýyllyk hyzmaty üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýäris.
Emma direktorlar geňeşi klubuň bähbidi üçin üýtgeşmäniň zerurdygy baradaky karary biragyzdan kabul etdi. 2023/24 möwsümine üstünlikli başlanamyzdan soň, Premýer-liganyň soňky 66 oýnunda 78 utuk topladyk, bu bolsa taryhymyzda Premýer-ligadaky iň pes netijämiz boldy. Kämahal käbir sebäpler hem bardy: şikesler we soňra Ýewropa ýaryşlaryny ileri tutmak karary. Bu möwsümde Ýewropa ligasynda gazanan ýeňşimiz klubumyzyň taryhyndaky iň beýik pursatlaryň biri bolsa-da, bu ýeňşiň getiren duýgularyna esaslanyp karar kabul edip bilemzok.
Birnäçe ugurda bäsleşmäge ukyply bolmak biziň üçin örän wajyp, çemeleşmeleri üýtgetmegiň geljekki möwsümde we ondan soňky döwürde üstünlik gazanmak mümkinçiligimizi artdyrjakdygyna ynanýarys» — diýlip, «Tottenhemiň» beýanatynda aýdylýar.

Postekoglu toparyň baş tälimçiligine 2023-nji ýylyň tomsunda «Seltikden» geçipdi. Ol «Tottenhemde» iki möwsüm işledi – birinji möwsümde topar Angliýanyň çempionatynda bäşinji orny eýeledi, ikinjisinde bolsa on ýedinji boldy. Ýewropa ligasynda gazanylan ýeňiş topara soňky 17 ýyldaky ilkinji kubogyny getirdi.


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......