"A24" kinokompaniýasy "Liwerpulyň" rowaýata öwrülen menejeri hakda köp bölümli film düşürer

  • 21.12.2024 20:13
  • 5.2k+

“A24” kinokompaniýasy "Liwerpul" futbol klubunyň ykbalyny hemişelik üýtgeden adam - Bill Şenkli hakda köp bölümli filmiň üstünde işläp başlady diýip, Deadline portaly habar berýär.

Bu köp bölümli film 1960-njy ýyllaryň medeni we aýdym-saz taýdan ösen şäheri bolan Liwerpulda surata düşüriler. Onda esasy üns şotlandiýaly hünärmen Şenkliniň tälimçilik karýerasyna we "Liwerpuly" Ikinji diwiziondan çykaryp, iňlis futbolynyň liderleriniň birine öwürmekdäki roluna gönükdiriler. Onuň ýolbaşçylygynda klub üç gezek Birinji diwizionyň titulyny, iki gezek Angliýanyň kubogyny, dört sany Charity Shield-ni (Angliýanyň Super kubogynyň öňki ady) we UEFA kubogyny aldy.
Bu taslama futbol kluby bilen “Box to Box” prodýuseri tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär. Onuň edebi esasyny “Garaňky başlangyçlar” hem-de “Garri Potter we näletlenen çagalar” pýesasy bilen tanalýan Jek Torn ýazar.
Bill Şenkli 1959-njy ýyldan 1974-nji ýyla çenli klubda tälim aldy. 1981-nji ýylda bolsa 68 ýaşynda aradan çykdy.
Onuň "Liwerpulda" işlän ýyllaryndaky üstünlikleri uly janköýer jemgyýetiniň ösmegi bilen hem baglanyşyklydyr. Hususan-da, hut şol döwürde topar janköýerleriň senasyna öwrülen “You’ll Never Walk Alone" (Hiç haçan ýeke gezmersiňiz) aýdymyny kabul etdi. 1982-nji ýylyň 26-njy awgustynda "Enfild" stadionynyň golaýynda Liwerpulda meşhur Şenkli derwezesi ilkinji gezek oturdyldy diýip, daily.afisha.ru ýazýar.
Netijede, bu derwezeler "You’ll Never Walk Alone" (Hiç haçan ýeke gezmersiňiz) jümlesi bilen birlikde Mersisaýda klubunyň resmi nyşanynda peýda boldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......