Romano: “Mançester Siti” özbek futbolçysy Husanowy almak isleýär. Gwardiola transferi makullady

  • 11.01.2025 08:34
  • 8.9k+

Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby Özbegistanyň milli ýygyndysynyň 20 ýaşly goragçysy Abdukodir Husanowy satyn almaga taýýarlanýar. Klub derejesinde Husanow Fransiýanyň “Lansynda” çykyş edýär. Žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda “ManSitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiolanyň transferi tassyklandygyny habar berýär.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, iňlis kluby özbek futbolçysy üçin bonuslar bilen birlikde 50 mln ýewro tölemäge taýýar. Husanow uzak möhletleýin şertnama hödürlejek APL klubuna geçmäge “sabyrsyzlyk bilen” garaşýar.
Husanow “Lans” üçin 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Onuň häzirki şertnamasy 2027-nji ýyla çenli hereket edýär. Häzirki möwsümde Husanow “Lans” üçin ähli ýaryşlarda 16 oýna gatnaşyp, bir netijeli geçirim bilen tapawutlandy.
Romanonyň maglumatlaryna görä, “Siti” Braziliýanyň “Palmeýras” kluby bilen hem 18 ýaşly Witor Reýsiň geçmegi barada gepleşik geçirýär.
Bellenilişi ýaly, goragçy bilen uzak möhletleýin şertnama barada eýýäm ylalaşyk gazanyldy. Häzir klublar bonus mukdaryny ylalaşýar. Şertnamanyň umumy bahasy, takmynan, 40 mln ýewro bolar.
Reýs “Palmeýras” akademiýasynyň ýetişdiren oýunçysydyr. Ol esasy toparyň düzüminde 22 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi. Transfermarkt internet portaly futbolçynyň bazar bahasyny 14 mln ýewro diýip hasaplaýar.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....