“ManÝunaýted” Britaniýanyň iň uly stadionynyň taslamasyny görkezdi. Bahasy £2 mlrd

  • 13.03.2025 06:16
  • 7.4k+

“Mançester Ýunaýted” futbol kluby 100 müň orunlyk täze stadionynyň taslamasyny resmi taýdan hödürledi. Ol toparyň köne meýdançasy bolan “Old Traffordyň” golaýynda gurlar diýip, Sky News habar berýär. 

Binagär hökmünde Foster+ Partners binagärlik býurosynyň ýolbaşçysy Norman Foster çykyş eder. Ol “Uembli” stadionynyň (90 müň orun orunlyk), Apple-iň ştab-kwartirasynyň we täze Reýhstag binasynyň üstündäki işler bilen tanalýar.
Stadion Beýik Britaniýada iň ulusy bolar. Bu uly göwrümli taslamany durmuşa geçirmek işi 2 milliard funt sterling bilen bahalandyrylýar. Klubuň baş müdiri Omar Berrada klubuň maýadarlary özüne çekip biljekdigine şübhelenmeýär.
Taslama lord Sebastýan Koeniň ýolbaşçylygyndaky infrastrukturany täzelemek boýunça hökümet topary bilen bilelikde işlenip taýýarlanýar. Klub onuň 92 müň iş ornuny, şeýle-de 17 müňden gowrak täze jaýlary döretjekdigini, munuň bolsa ýurduň ykdysadyýetine milliardlarça funt getirjekdigini belledi.


Gurluşyk wagty topar “Old Trafforda” çykyşyny dowam etdirer. Klubuň eýesi Jim Retkliff stadionyň “dünýäde iň beýigi” boljakdygyny aýtdy. Ýöne taslamanyň durmuşa geçiriljek möhleti döwletiň abatlaýyş maksatnamalaryna bagly bolar.
Norman Foster gurluşygyň bäş ýyla çekip biljekdigini belledi.

“Stadion energiýany we ýagyş suwuny ýygnaýan uly bassyrma bilen örtüler, golaýynda bolsa Trafalgardan iki esse uly meýdança peýda bolar” – diýip, binagär aýtdy.

Mançesteriň häkimi Endi Býornhem taslamanyň sebitleýin ösüş nukdaýnazaryndan ähmiýetliligi boýunça 2012-nji ýylyň London Olimpiadasyndan öňe geçip biljekdigini aýtdy. 


şu gün 13:41
2.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
2.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......