UEFA iň ýokary aýlykly we iň gymmat düzümli klublary atlandyrdy

  • 09.03.2025 07:22
  • 10k+

UEFA 2023/24 möwsümde oýunçylaryň aýlyk haklary üçin iň köp pul sarp edýän klublary, şeýle hem iň gymmat düzümli klublary atlandyrdy.

UEFA-nyň hasabatyna görä, geçen möwsüm “PSŽ” Ýewropa klublarynyň arasynda aýlyk üçin iň köp pul - 658 million ýewro sarp edipdir.
Iň köp pul sarp edenleriň arasynda Angliýadan alty klub, Ispaniýadan iki we Germaniýadan bir klub bar.

  1. “PSŽ” – 658 mln ýewro
  2. “Mançester Siti” – 554 mln
  3. “Real” – 505 mln
  4. “Barselona” – 476 mln
  5. “Liwerpul” – 449 mln
  6. “Bawariýa” – 430 mln
  7. “Mançester Ýunaýted” – 429 mln
  8. “Çelsi” – 395 mln
  9. “Arsenal” – 381 mln
  10. “Aston Willa” – 292 mln

Ýokarda gürrüň, esasan, aýlyk haklary barada gidýär. 2024-nji maliýe ýylynyň ahyrynda iň gymmat düzümi bolan topar Londonyň “Çelsisi” boldy. UEFA-nyň hasabatyna görä, "Çelsi" häzirki toparyny ýygnamak üçin 1,66 milliard ýewro sarp edip, bu taryhda iň ýokary görkeziji boldy. “Çelsi” “Realyň” 2020-nji ýyldaky rekordyny täzeledi (1,33 milliard).

Ýene üç iňlis kluby öz toparlaryna milliard ýewrodan gowrak pul sarp etdi. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli iň gymmat 20 toparyň 9-sy Angliýanyň klublary tarapyndan ýygnaldy.

  1. “Çelsi” – 1,66 mlrd ýewro
  2. “Mançester Siti” – 1,3 mlrd
  3. “Mançester Ýunaýted” – 1,096 mlrd
  4. “Arsenal” – 1,024 mlrd
  5. “Real Madrid” – 922 mln
  6. “PSŽ” – 911 mln
  7. “Liwerpul” – 869 mln
  8. “Tottenhem” – 809 mln
  9. “Ýuwentus” – 735 mln
  10. “Inter” – 622 mln
  11. “Aston Willa” – 584 mln
  12. “RB Leýpsig” – 559 mln
  13. “Bawariýa” – 549 mln
  14. “Nýukasl Ýunaýted” – 541 mln
  15. “West Hem” – 477 mln
  16. “Barselona” – 474 mln
  17. “Napoli” – 443 mln
  18. “Milan” – 380 mln
  19. “Atletiko” – 378 mln
  20. “Roma” – 357 mln

şu gün 13:39
5.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......