«Liwerpul» «Aýntrahtyň» hüjümçisi Ýugo Ekitikeni aldy

  • 24.07.2025 12:32
  • 5.1k+

Fransiýaly hüjümçi Ýugo Ekitike resmi taýdan «Liwerpulyň» täze oýunçysy boldy. Klub 23 ýaşly futbolçyny Frankfurtuň «Aýntrahtyndan» bonuslary bilen birlikde €95 milliona satyn aldy. «Mersisaýdlaryň» habar bermegine görä, şertnama 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir.

Transfer bahasy €82,5 million boldy, şeýle hem toparyň we şahsy üstünliklerine baglylykda €12,5 million möçberinde bonuslar göz öňünde tutuldy. Bu «Liwerepulyň» taryhynda Florian Wirtzden soňky ikinji iň gymmat transferdir – angliýaly çempionlar nemes futbolçysy üçin €125 million tölediler. Mundan başga-da, bu transfer futbolyň häzirki tomusky transfer penjiresindäki iň gymmat iki transferiň biri boldy.
Ekitikeniň transferinden soň «Liwerepuł» 2025-nji ýylyň tomusky transfer çykdajylarynda birinji orna çykdy. Klub ähli täze gelenler üçin jemi €308,68 million sarp etdi. Başga satyn alyşlaryň arasynda:

  • Miloş Kerkez («Bornmutdan») – €46,9 million;
  • Jeremi Frimpong («Baýerden») – €40 million;
  • Armin Peşçi («Puškaş Akademiýasyndan») – €1,78 million.

Ýugo Ekitike geçen möwsümi «Aýntrahtda» geçirdi we toparyň liderleriniň birine öwrüldi. Frankfurt kluby Germaniýanyň çempionatynda üçünji orny eýeledi. Fransiýaly futbolçy ähli ýaryşlarda 48 oýunda çykyş edip, 22 gol geçirdi we 12 asist etdi.
Mundan öň Ekitike «PSŽ»-niň oýunçysydy, ýöne 2024-nji ýylyň ýanwarynda fransuz kluby ony «Aýntrahta» kärendesine berdi. Az salymdan nemes kluby futbolçyny doly satyn aldy we ol garaşylmadyk derejede özüni görkezdi.
Mundan öň klub üçin esasy maksat Aleksandr Isakdy, ýöne şwesiýaly futbolçynyň «Nýukasldan» transferi başa barmady. Habarlarda onuň üçin baha gaty ýokary goýlandygy bellenilýär. Şeýle hem içki çeşmeler Ekitikeni «Nýukaslyň» şu tomusky transfer möwsümindäki esasy maksady diýip atlandyrýardy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......