“Çelsi” öz zenanlar toparyny baş kompaniýasyna satdy we girdeji barada hasabat berdi

  • 03.04.2025 20:49
  • 3.3k+

Angliýanyň “Çelsi” futbol kluby hasabat döwrüniň gutarmagyna iki gün galanda öz zenanlar toparyny Blueco 22 Midco Ltd baş kompaniýasyna satdy. Bu hem kluba 2023/2024 möwsümi üçin 129,6 mln funt sterling möçberde arassa girdeji barada hasabat bermäge mümkinçilik berdi.

The Times-yň maglumatlaryna görä, UEFA bu şertnamany düzgün bozma hökmünde kabul edip biler, sebäbi ol guramanyň golçur kompaniýalara aktiwleri satmakdan gazanylan girdejileri hasaba almagy gadagan edýän maliýe düzgünlerini bozýar. Şol bir wagtyň özünde, Angliýanyň premýer-ligasynyň düzgünleri şeýle amallara ýol berýär.
29 tapgyrdan soň “Çelsi” 49 utuk gazanyp, Angliýanyň çempionatynda dördünji orny eýeleýär. Topar üçünji orunda gelýän “Nottingem Forrest” klubundan bäş utuk yza galýar. 


düýn 23:41
2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......