“Tottenhem” “Brentforddan” Tomas Franky baş tälimçi wezipesine belledi

  • 14.06.2025 10:23
  • 2k+

“Tottenhem” Tomas Frankyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. 51 ýaşly daniýaly hünärmen bilen şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder.

Frank täze wezipede Enj Postekogluny çalyşdy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Brentford”, takmynan, 12 mln ýewro möçberde öwez tölegine tälimçini goýbermäge razy boldy.

“Biz futbolda ösen we döredijilikli baş tälimçileriň biri bolan Tomasy belleýäris. Onuň oýunçylary we topary ösdürmekde üstünlikli tejribesi bar. Biz onuň geljekki möwsümde topara ýolbaşçylyk edip başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar.

APL-iň geçen möwsüminde “Tottenhem” 17-nji orny eýeledi, ýöne Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy.
Frank “Brentforda” 2018-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk etdi. Onuň başda durmagynda topar 2021-nji ýylda Çempionşipden Premýer-liga çykdy. APL-iň dört möwsüminde klub 13-nji, 9-njy, 16-njy we 10-njy orunlary eýeledi. Geçen möwsümde “Brentford” 66 gol geçirdi. Bu görkeziji babatda ol bäşinji ýerde durýar. 


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......