APL “Mançester Sitä” yzygiderli gijä galmalary üçin uly möçberde jerime saldy

  • 21.06.2025 12:08
  • 10k+

Angliýanyň Premýer-ligasy ýaryşyň oýunlary başlamak we dikeltmek bilen bagly düzgünlerini yzygiderli bozandygy üçin “Mançester Siti” klubuna jerime salynýandygyny habar berdi.

APL-iň resmi saýtyndaky beýana görä, geçen möwsümde Hosep Gwardiolanyň topary meýdança dokuz gezek gijä galyp çykdy.
Dokuz ýagdaýyň ählisinde-de klubuň oýunçylary oýnuň ikinji ýarymyna çykmakda eglendi. “Mançester Ýunaýted” bilen dekabrdaky duşuşykda topar hatda birinji ýarymyň başyna-da gijä galyp bildi. Netijede kluba 1,08 mln funt sterling (takmynan, 1,26 mln ýewro) möçberde jerime salyndy.
APL “Mançester Sitiniň” öz günäsini boýun alandygyny belledi.

“Oýna başlamak we oýny dikeltmek bilen bagly düzgünler ýaryşlaryň iň ýokary professional derejede gurnalmagyny üpjün edýär we janköýerlere hem gatnaşyjy klublara ynamy kepillendirýär. Şeýle-de, bu Premýer-liganyň her bir oýnunyň tertip boýunça ýaýlyma berilmegini kepillendirýär” – diýlip, liganyň beýanynda aýdylýar.

Belläp geçsek, geçen ýylyň tomsunda klub şeýle düzgün bozmalar üçin sanksiýalara sezewar bolup, jerime töläpdi. Şol wagt onuň mukdary tas iki esse ýokarydy. 


şu gün 15:58
5.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......