Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy

  • 02.08.2025 17:41
  • 5.3k+

Angliýanyň “Mançester Siti” futbol klubunyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy. Futbolçy neşiriň täze sanynyň daşyny X sosial ulgamynda paýlaşdy.

Suratda Holand ellerini kellesiniň yzynda goýan görnüşde dur we “GOLA GÖNÜKDIRILEN” (GOAL ORIENTED) ýazgysy bar.
Žurnalda neşir edilen interwýuda Holand Norwegiýanyň Brýune şäherçesinde geçen çagalygy, futboldaky ilkinji ädimleri we “Moldede” oýnamak üçin 16 ýaşynda öýden çykyp gaýdyşy barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň üsti bilen Holandyň tebigy tagamlaryň tarapdarydygy we sygryň ýüregini iýmegi gowy görýändigi belli boldy. Şeýle-de, ol buzly wanna düşüp, ýatmazdan öň gök ýagtylygy petikleýän äýnegi geýýär.
Mundan başga-da, ol özüniň Messiniň we Ronaldunyň rekordyny täzeläp biljekdigi baradaky soraga jogap berdi. Holand ony hiç kimiň, hatda özüniň hem başarmajakdygyny aýtdy.
Holand “Mançester Sitiniň” “Time” žurnalynyň daşynda peýda bolan ikinji oýunçysy boldy. Ondan öň, 2012-nji ýylda neşiriň baş sahabynda klubda 2010-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda oýnan italiýaly hüjümçi Mario Balotelli şekillendirilipdi.  


düýn 23:57
1.5k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.7k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......