Şowsuzlyklar diňe meýdançada däl: “Mançester Ýunaýted” II maliýe çärýegini hem ýitgi bilen ýapdy

  • 21.02.2025 08:10
  • 5.1k+

“Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň eýesi Manchester United 2025-nji maliýe ýylynyň ikinji çärýegini girdejiniň 12% azalmagy bilen arassa ýitgide tamamlady.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, oktýabr-dekabr aýlarynda arassa ýitgi geçen ýylyň degişli döwründäki 20,4 mln funt düşewünt bilen deňeşdirilende 27,7 mln funt sterling ($34,9 mln) boldy. Düzedilen EBITDA 22,9% pese gaçyp, 70,5 mln funt boldy.
Girdeji bir ýyl ozalky 225,8 mln funt bilen deňeşdirilende, 198,7 mln funta ($250,66 mln) çenli azaldy.
MÝ-niň oýunlary görkezmek hukugyny satmakdan gazanan girdejisi 42,1% (61,6 mln funta / $77,71 mln çenli) pese gaçdy, emma petek satuwyndan gazanan girdejisi 9,2% (52 mln funta / $65,60 mln çenli) ýokarlandy.
Täjirçilik işinden gelen girdeji 18,5% (85,1 mln funta / $107,36 mln çenli) ýokarlandy. Muňa, esasan, MÝ-niň Snapdragon çipleriniň mahabatyny ýerleşdirmek üçin amerikan Qualcomm Inc. kompaniýasy bilen baglaşan hemaýatkärlik şertnamasy ýardam etdi.
Häzirki maliýe ýylynda kompaniýa 650-670 mln funt ($820-845 mln) möçberde girdeji gazanjakdygyny çaklaýar. Manchester United kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy çarşenbe güni Nýu-Ýork söwdasynda 0,8% peseldi.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....